Biz barada

    Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir” diýen şygaryndan gelip çykýan parasatly sözlerine esaslanyp, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmaklygyň Watany” ýylynda her bir raýatymyz oňat durmuşda ýaşamaga, işlemäge, okamaga, döretmäge şonuň ýaly hem medeniýetli dynç almaga we saglygyny berkitmäge haklydyr. Şu maksat bilen Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Büzmeýin etrabynyň Gökdere jülgesinde ýerleşýän “Ýaşlyk” sagaldyş merkezi 2007-nji ýylda gurlup ulanylmaga berlen. “Ýaşlyk” sagaldyş merkezi 525 orunlyk bolup, gyşky we tomusky dynç alyş möwsümlerinde çagalaryň dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilen.

    Süýji suwly “Alty ýap” çeşmesi sagaldyş merkeziniň ortarasyndan akyp geçýär. Onuň töwereginde oturdylan saýaly we ir-iýmişli baglar merkeziň howasynyň hoştap bolmaklygyna täsir edýär. Beýik dag gerşlerine çykmak üçin ýasalan “Saglyk ýoly” merkeziň täsinligini artdyrýar. Merkeziň çäginde oturdylan her hili haýwanlaryň heýkelleri dynç almaga gelýänleriň göwünlerini göterýär.

    Şonuň üçin ähli pudaklaryň ministrlikleri, hususy kärhanalar we raýatlar bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin merkezde oňaýly 2-3-4-7 orunlyk dynç alyş otaglarynda dynç almak we türgenleşik geçmek üçin ähli şertler döredilen. Sagaldyş merkeziniň naharhanasynda dürli milli we daşary ýurt tagamlary, işdäaçarlary, tortlary, süýji kökeleri biziň ýokary derejeli aşpezlerimiz tarapyndan taýýarlanylýar. Mundan başga-da fiziki maşklar üçin sport enjamlary we abzallary, çagalar oýnap, göwün açar ýaly futbol, basketbol, wolleýbol, uly we kiçi tennis oýnamak üçin sport meýdançalary we abzallaşdyrylan sport zaly, üsti ýapyk howuzy, kino zaly, kompýuter otaglary, kitaphana we aýdym-saz, okuw, gurnak we surat otaglary göz öňünde tutulan.

    “Ýaşlyk” sagaldyş merkezi şu aşakdaky hyzmatlary hödürleýär:

  1. Dürli pudaklaryň hususylaşdyrylan firmalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň geçirýän okuw
    maslahatlaryny gurnamak.
  2. Merkeze gelýän myhmanlaryň dag eteginiň arassa howasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça
    saglyklaryny berkitmek we akar ýabyň boýnunda medeni-dynç almaklary üçin şertler döretmek.
  3. Toplumlaýyn dag eteklerine we gözbaşa, saglyk ýolyna gezelenç gurnamak.
  4. Açyk görnüşli, daşky we ýapyk görnüşli gyşky suw howzuny we bilýard oýnundan peýdalanmak.
  5. Döwletimiziň dürli künjeklerinden ýaryşlara gatnaşýan türgenlere, sportyň ähli görnüşleri boýunça
    türgenleşik geçmek, saglyklaryny berkitmek we dynç almak üçin amatly şertleri döretmek.
  6. Fiziki we psihiki taýdan kemli çagalaryň dynç almaklaryny we sportyň dürli görnüşleri boýunça
    türgenleşip, ýaryşa taýýarlamak.
  7. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň orta mekdepleriniň we ýokary okuw jaýlarynyň tapawutlanan
    ýaşlarynyň dag eteginde dynç almaklaryny we dürli çäreleri gurnamak.

    Sagaldyş merkezine dynç almaga gelýän raýatlar tölegleri nagt ýa-da nagt däl görnüşinde töleg edip bilerler.

    Habarlaşmak üçin : 31-31-02, 31-31-05